Italiýada erkek kişi 15 ýyldan soň garbanyşhana iýen naharynyň puluny, ýagny 30 ýewrony hatly bukja salyp töledi diýip, BNN neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Ol şeýle hem hatynda garbanyşhananyň eýesinden ötünç sorady. Ol 2008-nji ýylda birnäçe dosty bilen Trento şäherindäki kiçeňräk garbanyşhana gelip, içgidir nahar sargyt edipdir. Iýip-içip bolansoňlar, bahasyny tölemän gaçyp gidipdir. Italiýaly şol wagt pulsuz bolandygyny, gaçmak kararyna gelendiklerini naharhananyň eýesine ýazyp ötünç sorapdyr. Garbanyşhananyň eýesi oňa akýürekliligi üçin minnetdarlyk bildirip, myhmançylyga çagyrypdyr. «Bu 18 ýylyň içinde biziň naharhanamyzda bolan iň ýakymly wakalaryň biri» diýip, Andrea Bozisio gürrüň berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir