Lebap welaýatynyň «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň işgärleri eýýäm irki orak geçirilen meýdanlardan ýygnalan hasyly guratmak we arassalamak işlerini şaly oragy bilen utgaşykly alyp barýarlar. Welaýat boýunça 10 müň 200 gektar meýdana ekilen şalynyň şu güne çenli 4,5 müň gektarynyň hasyly ýygnaldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Her günde meýdana çykarylýan 130-a golaý kombaýn arkaly Amyderýanyň kenaryndaky boz toprakly ýerlerde ýetişdirilen şalyny ýygnamak işi gowşamaýan depginde dowam edýär. Howanyň häzirki amatly günlerinden peýdalanyp, tejribeli kombaýnçylar her gün 280 — 300 gektar meýdanda orak işlerini ýokary hilli geçirmegi başarýarlar. Habarda bellenilişi ýaly, salynyň «Nukus-2» görnüşi sebitiň toprak-howa şertlerine basym öwrenişmek bilen, her gektardan 55 — 60 sentnere çenli hasyl berýär. Onuň «Awangard», «Flagman» ýaly sortlary bolsa welaýatyň birnäçe etraplarynda ekilýär. Bu sortlaryň tüwüleri bazarda iň bir geçginli önüm hasaplanýar. Sebäbi olardan bişirilen palaw şireli hem-de tagamly bolýar. Şu ýyl welaýatyň şalyçylary 47 müň 400 tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Kerki, Halaç, Hojambaz we Köýtendag etraplarynyň daýhanlary has-da ýokary netijeleri gazanýarlar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir