ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa Moskwanyň Türkmen medeniýet jemgyýetiniň işine ýokary baha berdi we onuň türkmenleriň milli medeniýetiniň ýaýramagyna hem-de milletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn goşant goşandygyny aýtdy. Bu barada Moskwanyň Türkmen medeniýet jemgyýetiniň metbugat gullugy habar berýär. Türkmen diplomaty bu ýokary bahany Buharada geçirilen «Häzirki zaman oba hojalygy tehnologiýalary, daşky gurşaw inženerçiligi we durnukly ösüş» atly IX halkara ylmy maslahatda berdi diýlip, habarda aýdylýar. «Biziň ýanymyzda bolup, çärelerimizi işjeň goldaýanlaryň hemmesine çuňňur minnetdarlyk bildirýäris. Siziň goldawyňyz bilen biz öňe barýarys, möhüm wezipämizi ýerine ýetirmegi dowam etdirýäris we geljege ynamly we hyjuw bilen garaýarys. Gatnaşanyňyz we goldawyňyz üçin sag boluň! Biz — türkmen medeniýetine bolan söýgi we gymmatly wezipämiz birleşdirýän bir uly maşgala» diýip, çeşme Ç.Rüstemowanyň sözlerini getirýär. Jemgyýet türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Janly rowaýat» kitaby bilen tanyşdyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir