Hindistanyň paýtagtynda howanyň hiliniň ýaramazlaşmagy bilen baglylykda, başlangyç okuw mekdepleri ýapyldy diýip, «Habar 24» ýazýar. Ýerli howa maglumaty gullugynyň habaryna görä, görkeziji iň töwekgel derejä ýetdi. Nýu-Deli dünýäde iň hapa howaly şäherleriň hataryna gorýär. Munuň sebäpleriniň biri-de bu ýerde ulag gatnawlarynyň köpdügi bilen baglylykda, zyýanly bölejikleriň howa aralaşmagydyr. Resmi maglumatlara laýyklykda, her ýyl Hindistanda bir milliondan gowrak adam zäherli howa sebäpli heläk bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir