Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi. Mary şäherinde «Energetik» topary öz meýdanynda «Merw» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Ýer eýelerine ýeňiş getiren topy oýnuň 22-nji minutynda Serdar Annamämmedow öz adyna ýazdyrdy. Oýun gününiň beýleki duşuşygynda «Altyn Asyr» topary «Aşgabadyň» derwezesinden jogapsyz toplaryň dördüsini geçirmegi başardy. Şeýlelikde, 20-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň 51 utugy bolan «Arkadag» topary ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. Ikinji, üçünji оrunlarda «Altyn Asyr» (41 utuk) hem-de «Nebitçi» (30 utuk) toparlary ornaşdylar. 20-nji tapgyryň duşuşyklary: «Energetik» – «Merw» – 1:0 Gol: 22 Serdar Annamämmedow («Energetik») Duýduryşlar: 36 Myrat Aşyrow, 63 Daýanç Nuryýew, 84 Muhammet Öwezow («Energetik») Geçirilen ýeri: «Energetik» stadiony (Mary ş.) Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.) Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Anew ş.) Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.) «Altyn Asyr» – «Aşgabat» – 4:0 Gollar: 27, 63 Myrat Annaýew, 54 Ruslan Täjiýew, 89 Rahman Myratberdiýew («Altyn Asyr») Duýduryşlar: 71 Nurmyrat Rozyýew («Altyn Asyr») – 30 Azat Rahmanow, 88 Röwşen Begjanow («Aşgabat») Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.) Duşuşygyň emini: B.Atdyýew (Tejen ş.) Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.) Ätiýaçdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat ş.) Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.) T/b Toparlar O Ý D U T U 1. «Arkadag» 17 17 0 0 60-14 51 2. «Altyn Asyr» 17 13 2 2 44-13 41 3. «Nebitçi» 17 9 3 5 29-21 30 4. «Köpetdag» 17 6 3 8 25-34 21 5. «Ahal» 16 6 2 8 24-25 20 6. «Aşgabat» 18 6 2 10 23-41 20 7. «Energetik» 17 5 0 12 13-35 15 8. «Merw» 16 3 3 10 13-30 12 9. «Şagadam» 17 2 3 12 12-30 9

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir