PhoneBuff kanalynyň awtorlary iPhone 15 Pro Max-yň işleýşini täze Google Pixel 8 Pro-nyň işleýşi bilen deňeşdirdiler. Synag robot el bilen geçirildi diýip, iXTB portaly habar berýär. Synagyň başynda Pixel 8 Pro Snapseed programmasynda suratlary gaýtadan işlemegiň tizliginde Apple bäsdeşinden öňe geçmegi başardy. Şeýle-de bolsa, wideony gaýtadan işlemekde flagman iPhone has çakgan bolup çykdy, şonuň netijesinde Apple gajeti uly tapawut bilen öňdeligi eýeledi. Mundan başga-da, synag Google Pixel 8 Pro-yň Microsoft Word bilen Excel programmalaryny RAM-dan “çykarandygyny” görkezdi, şonuň üçin smartfonlaryň arasyndaky tapawut hasam ulaldy. Ähli işleri ýerine ýetirmek üçin iPhone 15 Pro Max-a 2 minut 48 sekunt ýeterlik boldy, şol bir wagtyň özünde meşhur Google Pixel 8 Pro şol bir hereketleri etmek üçin 3 minut 28 sekunt gerek boldy. Şeýle-de bolsa, Pixel 8 Pro umumy programmalarda güýçli işledi, ýöne wideony gaýtadan işlemek ýaly ýokary hasaplaýyş kuwwatyny talap edýän işde iPhone 15 Pro Max-dan asgyn geldi. Google Pixel 8-iň hataryndaky smartfonlar 4-nji oktýabrda görkezildi. Meşhur model ABŞ-da 1 müň dollardan başlap satylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir