Google emeli aňy işläp düzüji Anthropic kompaniýasyna 2 milliard dollar maýa goýmak boýunça borçnamany öz üstüne aldy. Oňa laýyklykda, Google ChatGPT-iň döredijileri OpenAI-iň bäsdeşi bolan Anthropic-e 500 million dollar öňünden berer we soňlugy bilen galan 1,5 milliard dollaryny tölär. Bu barada Bloomberg habar berýär. Anthropic-iň wekili Google bilen 2 milliard dollarlyk şertnamanyň başlangyjyň indiki maliýeleşdiriş tapgyrynda aksiýa öwrüler diýdi. Bu şertnama Amazonyň şu ýylyň başynda Anthropic-e 4 milliard dollarlyk iri maýa goýumynyň yzýany boldy. Maliýeleşdirmegiň bir bölegi hökmünde Google eýýäm 500 million dollar maýa goýdy we geljekde ýene 1,5 milliard dollar maýa goýmagy wada berdi. Bellemeli zat, Google-yň Anthropic-e täze maýa goýumyndan birnäçe aý öň, tehnologiýa ägirtleri Google Cloud bilen eýýäm bahasy 3 milliard dollardan gowrak bolan şertnama baglaşypdy. Bulut şertnamasynda Antropic Google-yň hasaplaýyş hyzmatlar toplumyny ulanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir