Saud Arabystany 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna ýer eýeçiligini etjek ýeke-täk dalaşgär bolmagynda galar. Bu barada The New York Times-yň (NYT) žurnalisti Tarik Panýa özüniň X (öňki Twitter) sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi. Ondan öň Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna ýer eýeçiligini etmek üçin teklip hödürländigini habar beripdi. "Awstraliýa 2034-nji ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna ýer eýeçiligini etmäge dalaşgär bolup bilmez, onuň hiç wagt nesibesi bolmandy. Isleg bildirmeleriň tassyklanmaly möhleti şu gün. Şeýlelikde, Saud Arabystany şu aýyň başynda FIFA tarapyndan yglan edilen tender prosesine gatnaşmaga dalaş edýän ýeke-täk ýurt bolmagynda galýar" diýip, Panýa ýazýar. 4-nji oktýabrda Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2034-nji ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna ýer eýeçiligini etmek üçin diňe Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň bäsleşip biljekdigini habar beripdi. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. 2030-njy ýylyň dünýä çempionatynyň esasy ýer eýeleri Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko bolar, ýaryşyň açylyş oýny Urugwaýda, ondan soňky iki oýun Argentinada we Paragwaýda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir