Ýaponiýanyň Syýahatçylyk ministrligi soňky ýyllarda ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň köp bolmagy bilen bagly hereketleriň meýilnamasyny çap etdi. Ilkinji nobatdaky çäreler ulag infrastrukturasyny berkitmeklige gönükdiriler – esasanam, awtobuslaryň we taksileriň sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär diýip, Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlary birleşigi (ATOR) habar berýär. Jemgyýetçilik ulagynyň kämilleşdirilmegi Osaka we Tokio ýaly meşhur ýerlerde myhmanlary garşylamagy aňsatlaşdyrar. Hokkaýdoda lyža möwsüminde taksileri köpeltmek göz öňünde tutulýar. Syýahatçylara amatly bolar ýaly esasy otly menzillerinden meşhur syýahatçylyk ýerlerine göni awtobus gatnawy ýola goýlar. Şeýle hem myhmanlary ýollarda hereketiň ýygjam däl sagatlarynda has köp syýahat etmäge höweslendirmek üçin, günüň wagtyna baglylykda, nyrhlary üýtgetmek teklip edilýär. Syýahatçylaryň bir ýere köpçülikleýin jemlenmegini azaltmak üçin olary iň uly şäherlerden Ýaponiýanyň az tanalýan ýerlerine gönükdirmek möhümdir. Meýilnamada 11 sany “nusgalyk” syýahatçylyk mekanynyň - Mie prefekturasyndaky Ise-Sima we gündogar Hokkaýdo ýaly ýerleriň yhlaslary görkezilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir