1-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde Germaniýanyň ýurdumyzda saparda bolýan öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew gatnaşdylar. GFR-iň Edison Tehnologies kompaniýasynyň baş direktoryndan, Teamteshiсk kompaniýasynyň satyş boýunça wise-prezidentinden, Reifenhäuser kompaniýasynyň satyş boýunça menejerinden ybarat toparyň wekilleri ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda bolmagyň we türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işi ugrunda zerur şertleriň üpjün edilen ýurdunda amala aşyrylýan özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler. 2030-njy ýyla çenli ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamada Türkmenistanyň dürli künjeklerinde senagat toplumlarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilendigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow germaniýaly hyzmatdaşlaryň bu ugurda işlenip taýýarlanylan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşyp biljekdiklerini aýtdy. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça önümçilik toplumlarynyň gurulmagy meýilleşdirildi. Munuň özi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ilatyň iş orunlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we şol bir wagtyň özünde gündelik sarp edilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmak, hyzmatlar ulgamyny gowulandyrmak üçin işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün eder. Myhmanlar Germaniýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň 20-ä golaýyny özünde jemleýän konsorsiuma wekilçilik edýändiklerini aýdyp, Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar we Arkadag şäherinde bina ediljek lukmançylyk serişdelerini öndürýän toplumynyň gurluşygyna gatnaşmagyň özleri üçin uly hormat boljakdygyny bellediler. Şeýle hem iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlary üçin hünärmenleri taýýarlamak mümkinçilikleri barada aýtdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir