Dagystanyň kärhanalary Türkmenistana balyk (külke), un we çüýşe önümlerini iberip başlar. Bu barada ylalaşyk Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň RF-niň Hazarýaka respublikasyna eden saparynyň dowamynda gazanyldy. Bu barada TASS-a salgylanyp, Orient habar berýär. “Birnäçe günläp telekeçiler we distribýutor kompaniýalarynyň wekilleri Dagystanyň biznes mümkinçiliklerini öwrendiler. Azyk önümlerine, şeýle-de gurluşyk harytlaryna aýratyn üns berildi. Netijede, Türkmenistana balyk (külka), un, çüýşe önümlerini ibermek barada ylalaşyk gazanyldy” – diýlip, Dagystanyň Eksport goldawy merkeziniň habarynda aýdylýar. Türkmen işewürleri saparyň dowamynda Mahaçkaladaky, Kizlýardaky we başga-da birnäçe sebitdäki kärhanalara baryp gördüler. Pudagyň wekilleri Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň täze tapgyry barada eýýäm gürleşýärler. “Dagystan bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň täze tapgyry başlaýar diýsegem bolar. Halkara söwda gatnaşyklary we üpjünçilik göwrümi birnäçe wagt ozal ep-esli peseldi. Häzir biz taraplaryň arasynda haryt dolanyşygynyň ep-esli ýokarlanmagyna garaşýarys” – diýip, Eksport goldawy merkeziniň ýolbaşçysy Ruslan Abaskuliýew belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir