Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşi Türkmenistanyň Bilim Ministrligi bilen gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň çäklerinde bilelikdäki diplom maksatnamalarynyň açyljakdygyny we iki ýurduň hem bakalawr we magistratura maksatnamalaryna talyplary kabul etjekdigini habar berdi. Muny Orient ýetirýär. Ähtnama 26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä saparynyň çäklerinde beýleki birnäçe resminamalar bilen bir hatarda gol çekildi. Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Erol Ozwar bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow öz gollary bilen ýokary bilim we ylmy gözlegler pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek isleýändiklerini bellediler. Özara düşünişmek baradaky Ähtnama laýyklykda, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki we ylmy ugurlarda alyş-çalyşlar geçiriler, iki ýurduň uniwersitetleriniň arasynda bolsa sanly bilim we gözlegler hem işläp taýýarlamalar pudagynda hyzmatdaşlyk mümkin bolar. Taraplar biri-biriniň ýokary okuw mekdeplerine bakalawryň we magistraturanyň talyplaryny iberip we kabul edip bilerler. Derejeleri we diplomlary tassyklamak boýunça degişli işler geçiriler. Özara düşünişmek baradaky Ähtnamada görkezilen ugurlarda hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny bilelikde işläp taýýarlamak, bu maksatlara ýetmäge gönükdirilen gözlegleri durmuşa geçirmek we baha bermek üçin Ýokary bilim boýunça bilelikdäki hemişelik komitet dörediler. Türkiýede kiçi hünärmen maksatnamasy boýunça okaýan türkmen talyplary ilkinji we gaýragoýulmasyz kömek, bank işi we ätiýaçlandyryş, bugalteriýa hasabaty we sergi tejribeleri fakultetlerini has makul bilýärler. Bakalawr maksatnamalarynda liderleriň üçlügine taryh, şepagat uýasynyň işi we mekdepde bilim bermeklik girýär diýlip, Geňeşde bellenilýär. Onuň maglumatlaryna görä, taryh magistraturanyň iň halanýan fakulteti, halkara gatnaşyklary we taryh doktoranturada tapawutlanýar. Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşi özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilenden soň halanýan bölümleriň sanynyň artmagyna garaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir