Anadolu habarlar gullugynyň sişenbe güni beren habaryna görä, Türkiýäniň hökümeti Stambuldaky Aýa-Sofiýa metjidiniň durkuny täzelemegi meýilleşdirýär. Metjidi dikeltmek üçin döredilen Ylmy Geňeşiň agzasy, binagär Ihsan Sary: "Meýilnamalary, görnüşleri we bölekleri ýakyn wagtda taýýar bolar. Hakyky toplumlaýyn durkuny täzeleýiş işleri agzalan işler tamamlanandan soň başlar" -diýdi. Ol bu iş üçin metjidiň ýörite “sanly ekiz taýynyň” taýýarlanandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, durkuny täzeleýiş işleri köp wagt alar, Aýa-Sofiýanyň her bir bölegine degişli maslahatlar geçiriler. Ihsan Sary häkimiýetleriň bu iş üçin eýýäm tender yglan edendigini aýtdy. Aýa-Sofiýanyň 1486 ýaşy bar, iň soňky gezek 1848-1850-nji ýyllarda toplumlaýyn durkuny täzeleýiş işleri geçirildi. 1453-nji ýylda Konstantinopol basylyp alnandan soň, ybadathana metjide öwrüldi, 1935-nji ýylda muzeý statusyna eýe boldy, 2020-nji ýylda bolsa ýene metjide öwrüldi. Ol uzak wagtlap iň uly hristian ybadathanasy boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir