“Milanyň” we Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Zlatan Ibragimowiç tälimçi hökmünde italýan toparyna dolanyp biler. Bu barada Corriere della Sera salgylanyp, Report agentligi habar berýär. Häzir Ibragimowiç “Milanyň” eýesi Jerri Kardinaleniň teklibi barada pikirlenýär. Ol karýerasyny tamamlandan soň näme bilen meşgullanjakdygy barada heniz karara gelmedi. Ibragimowiç 2023-nji ýylyň tomsunda karýerasyny tamamlady. Onuň iň soňky kluby “Milan” bolup, onuň düzüminde Italiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de, Niderlandlaryň, Ispaniýanyň we Fransiýanyň çempiony boldy. Ibragimowiç Amsterdamyň “Aýaksyndaky”, ‘Barselonadaky”, Turiniň “Ýuwentusyndaky”, Milanyň “Interindäki”, “Pari Sen-Žermen”, “Mançester Ýunaýted” we “Los Angeles Galaxy” toparlaryndaky çykyşlary bilen bellidir. Ol Şwesiýanyň milli ýygyndysy üçin 122 oýna gatnaşyp, 62 gol geçirdi we 25 netijeli geçirim etdi. Şwesiýaly hüjümçi oýnuň her minutynda – 1-nji minutdan 90+ minuta çenli – gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.