Doňzuň ýüregi transplantasiýa edilen dünýäde ikinji hassa ABŞ-da aradan çykdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär. 58 ýaşly Lorens Fosett ýürek ýetmezçiliginden ejir çekdi. Öň bar bolan damar keseli we içki gan akma bilen baglanyşykly kynçylyklar sebäpli oňa adam ýüregi donor bolup bilmeýärdi. Näsaga, eksperimental operasiýa edilmese, diri galmak mümkinçiligi ýokdy. Fosett özüne doňuz ýüreginiň oturdylmagyna razylyk berdi we taryhda şeýle operasiýa edilen ikinji adam boldy. Ýürek oturdylansoň, ol bary-ýogy alty hepde töweregi ýaşady. «Çuňňur gynanç bilen, genetiki taýdan üýtgedilen doňzuň ýüregi oturdylan, dünýäde ikinji ýürek transplantasiýasyny geçiren 58 ýaşly, bejerip bolmaýan ýürek keselli Lorens Fosettiň ýogalandygyny habar berýäris» diýip, Merilend uniwersitetiniň lukmançylyk merkezi habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir