Sidneýiň Tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary görşi pes adamlara daşary çykylanda dogry ýol tapmaga kömek edýän akylly äýnek oýlap tapdylar. Bu täze äýnek giňişligi duýmak üçin ses signallaryny ulanýan ýarganatlaryň we delfinleriň täsin ukyplaryndan ylham alyp ýasaldy. Akylly äýnek obýektlere çenli aralyga baglylykda tizligi üýtgedýän akustiki signallary döredip biler. Gözlegçiler duýgynyň bu görnüşini akustiki duýgurlyk diýip atlandyrdylar diýip, ExtremeTech habar berýär. Görşi pes adamlary goldaýan gurallaryň köpüsinde daşky gurşawy seljermek üçin kameralar we wizual datçikler ulanylýar. Toplumlaýyn emeli aň algoritmleri obýektleri, ýagny pyýadalar üçin geçelgeleri, taksileri ýa-da dükanlardaky harytlary suratlandyrmaga kömek edýär. Täze akylly äýnek daşky gurşaw hakda umumy maglumat bermek däl-de, obýektleri has takyk kesgitlemäge gönükdirilen maglumatlary gaýtadan işlemek usulyny ulanýar. Ulanyjynyň ýanyndaky obýektiň uly-kiçiligine garamazdan, “akylly” äýnek olara “ses” berýär. Sidneý Tehnologiýa uniwersitetiniň biomedik-inženerler topary akylly äýnekleriň OPPO Find X3 Pro Android smartfony bilen baglanyşykly binaural dinamikaly NReal's Light giňeldilen hakykat äýneklerine esaslanyp döredilendigini düşündirdi. Ulanyjy NReal äýnegi geýende ses signallary bilen ölçelýän trapesiýa görnüşindäki ses meýdanyna girip biler. Bu duýduryşlar “gyzgyn ýa-da sowuk” oýnuna meňzäp, obýektiň gözýetimde ýakynlygyna baglylykda tizligi üýtgedýär. Alymlar akylly äýnegi 14 adamda synagdan geçirdiler, olaryň her biri tebigy görşüni düýbünden ýitiren. Synaga gatnaşyjylardan dürli ýagdaýda – oturan ýeriňde, dik durkaň we ýöreýän wagtyň käbir zatlary tapmak haýyş edildi. Synagdan geçýänler stoluň başynda-da, synag meýdançasynda aýlananda-da tabşyryklary berjaý etmegiň hötdesinden geldiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir