Digital Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg AI esasly çat-botlaryň adamlara fiziki işjeňligi, iýmitlenmegi we ukyny gowulaşdyrmakda ýardam edip biljekdigini görkezýär. Kadasyz iýmitlenmek, maşk etmezlik, hereketsiz durmuş ýörelgesi we ukyňy doly almazlyk saglygy goraýyşyň ählumumy meselesidir. Bu durmuş faktorlary dürli keselleriň, şol sanda depressiýa, alada, süýji keseli we ýürek-damar keselleriniň döremegine sebäp bolup bilýär we şeýlelik bilenem ömrüň gysgalmagyna getirýär. Öň ýönekeý işleri ýerine ýetirýän çat-botlar indi ep-esli ösdi. Häzir olar ulanyjylara durmuş ýörelgelerini has sagdynlaşdyrmaga kömek edýän bada-bat, şahsylaşdyrylan jogaplary berip bilýärler. Gözleg bar bolan çat-bot gözlegleriniň yzygiderli synyny we meta-derňewini öz içine aldy. 3567 gatnaşyjynyň dürli nusgasyny öz içine alýan 19 synagdan geçen maglumatlary jemledi. Bu synaglarda çat-botlaryň fiziki işjeňlige, iýmitlenişe we uka täsirleri öwrenildi. Gözlegçiler çat-botuň goşulmagynyň fiziki işjeňlige, iýmitlenişe we uka azda-kände, assa-ýuwaş täsiriniň bardygyny anykladylar. Çat-botlaryň kömegi bilen gatnaşyjylar ädimlerini günde goşmaça 735 ädim artdyrdylar, gündelik iýmitlerinde miweleriň we gök önümleriň mukdaryny goşmaça köpeltdiler, şeýle hem ukynyň dowamlylygyny 45 minut artdyrdylar.