1-nji noýabrda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň merkezi edarasynda milli pulumyz bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: milli manadyň durnukly ykdysady ösüşe täsiriniň ýokarlanmagy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň gün tertibine täze taryhy eýýamda bank ulgamyny ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde, halkara maýa goýum hyzmatdaşlygynda, pul-karz gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde bank ulgamynyň we milli manadyň orny, bank işinde sanly tehnologiýalar, maglumat howpsuzlygy barada çykyşlar edildi. Çykyş edenler içerki bähbitleri nazara alyp işlenip taýýarlanylan durmuş ugurly çeýe ykdysady strategiýanyň, şeýle hem döwletimiziň dünýä ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmagynyň, halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde oňyn görkezijileriň gazanylýandygyna ünsi çekdiler. Belläp geçsek, milli manadymyz 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi.