Türkmenistanyň «Maral» figuralaýyn typyjylar toparynyň dokuz türgeni 27 ― 29-njy oktýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde ilkinji gezek geçirilen «Global Skating Academy» atly halkara ýaryşa gatnaşdy. Ýaryş dürli ýaş derejelerinde halkara ýaryşlaryň talaplaryna laýyklykda geçirildi. Şeýle hem uly ýaş toparlarynda ussatlyk sapaklary geçirildi. Ýaryşda türkmenistanly figuralaýyn typyjylar taýýarlygyň ýokary derejesini görkezip, medallaryň we ýörite baýraklaryň birnäçesine mynasyp boldular. Medallara mynasyp bolan türgenleriň arasynda 12 ýaşa çenli ýaş derejesinde ýaryşan Rahman Hojamgulyýew (tälimçisi Karina Mowsesýan) hem bar. Şeýle hem eminler we tomaşaçylar paýtagtly ýedinji synpyň okuwçysy Polina Melihowanyň (tälimçisi Ýana Wahitowa) «Gündogar fantaziýasy» atly tansyna we bu eseriň awtory Aýlar Saparmyradowanyň çykyşlaryna hem ýokary baha berdiler. Ýaňlanýan saza owadan hereketleri bilen goşluşan Polina kompozisiýanyň astynda ýatan pikiri tomaşaçylara ýetirmegi başardy. Şunda onuň türkmen tebigatynyň gözelliklerini we türkmen halkyna mahsus milli däp-dessurlary wasp edendigini hem aýtmak gerek. Ezber türgen bu çykyşy bilen ýörite baýraga mynasyp boldy. Gözüňi we göwnüňi gamaşdyrýan tans hereketleriniň taýýarlanylmagyna goşant goşan Türkmenistanyň at gazanan artisti Läle Altyýewa «Turkmenportalyň» habarçysyna ýaryşa uly jogapkärçilik bilen taýýarlanylandygyny we ýokary netijäniň gazanylandygyny gürrüň berdi. Daşkentiň buzly giňişliklerinde birnäçe döwletden 21 klubyň wekilleri çykyş etdi. Bu bolsa türkmenistanly türgenler üçin nobatdaky tejribe mekdebine öwrüldi. Türkmenistanly figuralaýyn typyjylaryň şu ýylyň 23-nji fewraly ― 5-nji marty aralygynda Russiýada geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly II Gyşky sport oýunlarynda hem üstünlikli çykyş edendiklerini ýatladýarys.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir