Türkmenistan halkara ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we giňeltmek boýunça işlerini işjeň dowam etdirýär. Geçen hepde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä eden sapary we Aşgabatda geçirilen OGT-2023 nebit-gaz forumy möhüm wakalar boldy. Energetika pudagynda Türkmenistan gaz önümçiligini we eksporty artdyrmagy, şeýle hem nebiti gaýtadan işlemek we elektrik energiýasyny öndürmek taslamalaryny durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Ulag we logistika pudagynda Russiýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Şeýle hem Türkmenistan ýewropaly işewürleriň gatnaşmagynda birnäçe maýa goýum forumlaryny meýilleşdirýär. Bu ÝB ýurtlaryndan maýa goýumlaryny çekmge uly mümkinçilik berer. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň ykdysadyýetini has-da diwersifikasiýalaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga goşant goşar. Öňümizdäki möhüm işewürlik duşuşklary: Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde 1-nji noýabrda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisi geçiriler. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň Ýaş telekeçileriniň Işewürlik Forumynyň, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Işewürler Geňeşiniň dördünji mejlisiniň we «Türkmenistan — Koreýa Respublikasy» Işewürler Geňeşiniň bäşinji mejlisiniň geçirilmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň gazananlaryna bagyşlanan sergileriň guralmagy hem göz öňünde tutulýar. 1 — 3-nji noýabr aralygynda Daşkentde geçiriljek XIX halkara «Ulag we logistika — TransLogistica Uzbekistan 2023» sergisinde Türkmenbaşy halkara deňiz porty deňiz ýolagçylaryny we ýük daşamakda, şeýle hem üstaşyr ýükleri ulagyň bir görnüşinden beýleki görnüşine geçirmek boýunça öz mümkinçiliklerini görkezer. Dekabr aýynda Awstriýanyň işewür wekiliýeti sapar bilen Türkmenistana geler. Ýangyç we energiýa toplumy «Gazprom» bilen Türkmenistanyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, 2023-nji ýylda Russiýa iberilýän türkmen gazynyň möçberiniň 5 milliard kub metr bolmagyna garaşylýar. Bu barada «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» halkara maslahatynyň jemleri boýunça geçirilen metbugat ýygnagynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew žurnalistlere mälim etdi. 2023-nji ýylda Türkmenistanda 80 milliard kub metrden gowrak tebigy gazyň öndürilmegi meýilleşdirilýär. Şu ýylyň dowamynda Türkmenistan 40 milliard kub metr töweregi tebigy gazy daşary ýurtlara eksport eder. «Türkmennebit» döwlet konserni halkara kompaniýalary dört taslama gatnaşmaga çagyrdy. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny we ony energoulgama birikdirmek üçin gerekli elektrik geçiriji ulgamlary gurmak hem-de bar bolan Döwlet elektrik stansiýalary üçin zerur ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýerli hünärmenleriň türk kärdeşleri bilen bilelikde gurjak desgasy üçünji ýurtlaryň üsti bilen Türkiýä elektrik energiýasyny eksport etmek üçin mümkinçilik döreder diýip belledi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda elektrik energiýasyny öndürýän täze desgalar ulanmaga berler. Türkmenistanda bitewi halkalaýyn energetika ulgamyny kemala getirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan Mary — Ahal asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär. Maýa goýumlary Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlar boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi. Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň işewür toparlaryny «Aşgabat-siti» konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak senagat klasteriniň gurluşyklaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Fitch Ratings» halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilmegine gönükdirilen degişli ylalaşygy baglaşmak boýunça işler geçirilýär. Türkmenistan Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň işewürleriniň gatnaşmagynda birnäçe maýa goýum forumlaryny geçirmegi meýilleşdirýär. Türkiýe Türkmenistanda maýa goýumlaryny we özara söwda dolanyşygyny artdyrmak isleýär diýip, Türkiýäniň senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kjir Ankarada geçirilen türkmen-türk işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy. Maliýe ulgamy 2023-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistanyň eksportynyň umumy mukdary 7,8 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Muny Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow «OGT-2023» halkara nebit-gaz forumynda eden çykyşynda mälim etdi. Ulag aragatnaşyk Astrahan sebitiniň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Denis Afanasýew sebitiň gämi gurluşygy pudagynda Türkmenistan bilen has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy. Ol muny «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» halkara forumynyň çäginde mälim etdi. Türkmenistan we Dagystan Türkmenbaşy we Mahaçkala portlarynyň arasynda ilkinji ýük gämisiniň işe girizilmegini işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir