Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyrynda «Şagadam» myhmançylykda «Arkadag» topary bilen, «Nebitçi» bolsa «Ahal» bilen duşuşar. «Energetik» bilen «Merw» Mary, «Altyn asyr» bilen «Aşgabat» bolsa paýtagt derbisinde güýç synanyşar. Häzir «Arkadag» topary 16 duşuşykda toplan 48 utugy bilen ýaryşyň başyny çekýär. Ikinji orundaky «Altyn asyr» ondan 10 utuk yzda. Ilkinji üçlügi 29 utukly «Nebitçi» jemleýär. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty ― 2023, 20-nji tapgyr: 2-nji noýabr, penşenbe 12:30 / «Arkadag» – «Şagadam», «Nusaý» stadiony, emin Akmyrat Gurbanow. 15:45 / «Ahal» – «Nebitçi», «Nusaý» stadiony, emin ― Arslan Goşşanow. 3-nji noýabr, anna 15:45 / «Altyn asyr» – «Aşgabat», «Sport toplumy» stadiony, emin ― Berdimämmet Atdyýew. 16:00 / «Energetik» – «Merw», «Energetik» stadiony, emin Jumamyrat Jumamyradow.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir