Birleşen Ştatlar we Hytaý döwlet Baştutanlaryň duşuşygyny guramak barada ylalaşdylar, olar öňdäki noýabrda duşuşyp bilerler. Bu barada «Reuters» habarlar gullugyna salgylanýan «Telegraf.news» habar berýär. Habarda iki ýurduň Liderleriniň 11-17-nji noýabrda San-Fransisko şäherinde geçjek Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlyk sammitinde duşuşjakdygy aýdylýar. ABŞ-da HHR-iň daşary işler ministri Wan I saparda bolýar. Ol 27-nji oktýabrda ýurduň Prezidenti Baýden bilen duşuşyp, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Wan I şeýle hem ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken we milli howpsuzlyk boýunça Prezidentiň kömekçidi Jeýk Salliwan bilen duşuşdy. Golaýda HHR-iň Lideri Si Szinpin öz ýurdunyň ABŞ bilen gatnaşyklary sazlaşdyrmaga taýýardygyny aýdypdy. Ol gatnaşyklaryň adamzadyň geljegi bilen dahyllydygyny nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir