Bu barada Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti Hou Siszýun «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara forumyna gatnaşmagyň çäginde belledi. — CNPC türkmen tarapy bilen gaz işewürligini meýilleşdirmek, bioenergiýa, ulaglary elektrikleşdirmek, wodorod energetikasy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny mälim edýär. Biziň düzümimiz Türkmenistanda ýerli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berýär. Soňky 16 ýylyň dowamynda türkmen hünärmenleriniň 56 müňüsiniň okadylmagy, ýurduň raýatlarynyň 139-synyň Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okuwyny dowam etdirmäge saýlanmagy-da munuň aýdyň beýanydyr. Şundan ugur alyp, «CNPC-niň» nebitgaz pudagy üçin has köp hünärmeni taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanda «Lu Ban ussahanalarynyň» döredilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini hem nygtamak isleýärin — diýip, CNPC-niň prezidenti halkara nebitgaz forumynyň mejlisinde aýtdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir