Sosial ulgamlarda gaýadan aşak gaçyp gelýärkäler uzak wagtlap gürrüň edýän gahrymanly hindi filmini tankyt etdiler. Bu barada «The Indian Express» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Film 2021-nji ýylda ekranlara çykan eken, emma ol sosial ulgamlardan peýdalanyjylaryň häzir gözüne ilipdir. Filmiň ýordumyna görä, gyz gaýadan gaçýar, onuň yzy bilen ýigit hem bökýär, ol ýolda gyza özüniň söýýändigi barada uzak wagtlap tolgundyryjy gürrüň berýär. Gyzyň ilki gaçandygyna garamazdan, ýigit onuň yzyndan ýetýär we howada ony gujaklaýar, olar iki bolup, ýere gaçýarlar. Emma tomaşaçylar bu görnüşleriň hakykata laýyk däldigini aýdyp degişdiler. Mysal üçin, olaryň biri: «Alym Isaak Nýuton çaty terk etdi. Aktýorlaryň şeýdip, üstünden gülmek nämä gerek» diýip ýazdy.