Oktýabr aýynyň üçünji ongünlüginde Moskwa şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Milli ösüş uniwersitetiniň Ýokary ykdysadyýet mekdebi tarapyndan BMG-niň Ilat gaznasynyň goldaw bermeginde GDA ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň hünärmenleri üçin «Ilat we ösüş» atly hünär kämilleşdiriş maslahaty geçirildi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Milli ösüş uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berdi. Maslahata GDA-nyň agzasy bolan Türkmenistanyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir