Kinoprokata çykan ilkinji dynç alyş günleri Aleksandr Woýtinskiniň «Çüýbalygyň buýrugy boýunça» atly filmi Russiýanyň ekranlarynda 300-500 million rubl kassa ýygymyny toplady. Ýurduň Kinoteatrlarynyň eýeleriniň assosiasiýasynyň geňeşiniň agzasy Roman Isaýew bu badalgany ajaýyp görkeziji hökmünde häsiýetlendirdi. Ol kino senagaty bu filmiň bir milliard rubldan geçýän kassa ýygymyny toplajakdygyna garaşýar diýdi. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar. Isaýewiň sözlerine görä, täze filmiň üstünligi çagalaryň owadan ertekä tomaşa etmäge höwesli barýandyklary bilen baglydyr. Şu ýylyň ýazyndan bäri rus kinosynda şeýle üstünlikli erteki görnüşli film bolmandy, muňa kinoçylaryň ählisi begenýärler diýip, hünärmen aýtdy. Ýeri gelende aýtsak, «Çüýbalygyň buýrugy boýunça» atly filmde rus halk ertekileriniň ýordumlary jemlenendir, ol halk ertekisiniň gahrymany Ýemelýanyň başdan geçirmeleri barada gürrüň berýär. Filmde şeýle-de Çüýbalyk, Şa we onuň gyzlary, del ýurtly şazada, Wasilisa, Baýun pişik we Köşeý hereket edýärler.