Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde sebitleýin howpsuzlygyň, ösüşiň we durnuklylygyň iň möhüm ugurlary boýunça düýpli pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar serhet howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we ekologiýa, şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamy bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler. ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid forumyň agzalan ugurlaryň her biri boýunça sebitdäki möhüm meseleleri çözmekde özara gatnaşyklary giňeltmäge we berkitmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we degişli halkara düzümleriň bilelikdäki işleriniň zerurdygy nygtaldy. Bu ugurdaky taslamalary we çäreleri ýerine ýetirmekde ÝHHG-niň möhüm orny beýan edildi. Duşuşygyň barşynda ministrler hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri we wezipeleri barada pikir alyşdylar. Merkezi Aziýa döwletleriniň hersiniň bu ugurlarda ädýän ädimlerini beýan etdiler. Şeýle hem sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm pikirleri we teklipleri öňe sürdüler. Ygtybarly serhet howpsuzlygynyň sebitde parahatçylygy we abadançylygy saklamak üçin esas bolup durýandygy bellenildi. Howanyň üýtgemegi ýaly ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde, duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurda özara hyzmatdaşlyk üçin bilelikdäki çäreleri amala aşyrmagyň zerurdygy barada umumy pikiri beýan etdiler. Türkmen tarapynyň ÝHHG-niň «Bitewi daşky gurşaw» maksatnamasynyň taslamasyny işläp düzmek baradaky teklibiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigi bellenip, mejlise gatnaşyjylar bu başlangyjy goldamaga çagyryldy. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen gurluş bolup durýan Sebitiň howa tehnologiýalary merkezini döretmek baradaky başlangyjyny goldamaga çagyryldy. Şunda Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça ÝHHG-niň forumyny geçirmek teklip edildi. Şeýle-de Türkmenistanyň ÝHHG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak ministrleri bilen yzygiderli duşuşyklary geçirmek baradaky başlangyjyny goldaýandygy bellenildi. Şu ýylyň iýul aýynda Howa maslahatynyň çäginde geçirilen ilkinji duşuşygyň bu formatyň öz wagtyndadygyny we gyzyklanma bildirilýändigini görkezendigi bellenilip, türkmen tarapy bu formatyň nobatdaky duşuşygyny 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirmäge taýýardygyny mälim etdi. Duşuşyga gatnaşyjylar sebitde durnukly hem-de howpsuz ösüşi üpjün etmek meseleleri boýunça işjeň we netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir