Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu çäräni geçirmek başlangyjy iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlaryna degişlidir. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasynda HHR-iň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Go Hunlýan gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ilçiniň belleýşi ýaly, iki ýurduň Baştutanlary yzygiderli ýagdaýda strategik ähmiýetli gatnaşyklary pugtalandyrýarlar, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitleýärler hem-de dürli ulgamlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berýärler. Hytaýyň Şensi welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk departamentiniň başlygynyň orunbasary Lýu Haýrongyň gutlag çykyşynda parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagynda, iki halkyň medeniýetiniň we özara düşünişmeginiň baýlaşmagynda, ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmeginde bu döredijilik çäresiniň ähmiýeti nygtaldy. Konsert maksatnamasyny tanslar, aýdymlar, Sin operasy we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşan halklaryň etniki aýratynlyklaryny beýan edýän sazlar düzdi. Hytaýly sungat ussatlary türkmenistanlylara ýatdan çykmajak täsirleri bagyş etdiler hem-de tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan fotosergi bolsa çärä aýratyn öwüşgin berdi. Sergi hytaýly fotograflaryň öz ýurtlarynyň ajaýyp tebigatyna bagyşlanan işlerinden ybarat boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir