«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji noýabrda güýje giren we täzelenen meýilnamasyna laýyklykda Russiýanyň paýtagtyna uçuşlaryň togtadylmagyny uzaltdy. Bu barada awiakompaniýa resmi turkmenistanairlines.tm web sahypasynda habar berdi. Täze meýilnama laýyklykda, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýa diňe Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugurlaryna hepdede 5 gezek — sişenbe, çarşenbe, penşenbe, anna we ýekşenbe günlerinde gatnaw amala aşyrar. Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugurlarynda uçuş tertibi Ozal «Turkmenportal» «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 2023-nji ýylyň 8-nji awgustyndan 28-nji oktýabry aralygynda Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryny togtadýandygyny habar berdi. Uçuş tertibi we petekler boýunça has giňişleýin maglumatlary awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan alyp bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir