Britaniýanyň Nýukasldaky howa menzili 5 million ýolagçy gatnawly menzilleriň toparynda dünýäde iň gowy diýlip yglan edildi diýip, «LADBible» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Oňa baýrak Türkiýede geçen howa gatnawlarynyň bütindünýä koferensiýasynda gowşuryldy. Howa menziliniň direktory Nik Jons şeýle abraýly baýraga mynasyp bolandyklaryna şatdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, golaýda howa menzili ýene dört awiakompaniýanyň 12 ugur boýunça gatnawlaryny kabul edip başlapdyr. Eminler topary howa menziliniň infrastrukturasyna we ýolagçylara hyzmata ýokary baha berdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir