Gazagystanyň paýtagty golaý günlerde ýurda sapar bilen geljek daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryny garşylamaga taýýarlyk görýär diýip, «MIR 24» ýazýar. Munuň bilen baglylykda, şäherde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Şu hepdäniň penşenbe gününde Fransiýanyň Lideri Emmanuel Makronyň resmi sapary başlanar. Ol Gazagystana Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça gelýär. Soň Wengriýanyň Hökümet başlygynyň saparyna garaşylýar. 3-nji noýabrda Astanada Türki döwletleriň guramasynyň sammiti geçer. Oňa TDG-niň agza-ýurtlarynyň Baştutanlary – Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň Prezidentleri gatnaşar. Sammite gurama synçy ýurtlar bolan Wengriýanyň we Türkmenistanyň Liderleri hem gelerler. Soňky gezek Astanada geçen ýylyň oktýabrynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçdi, oňa 11 döwletiň Baştutanlary gatnaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir