Soňky ýyllarda wannalary abatlamak üçin ulanylýan uly formatly plitkalar has meşhurlyga eýe boldy. Bu hili plitkalaryň ululyklary dürli-dürli bolup, olar 60x120 sm-den — 160x320 sm-e çenli bolýar. Pol hem-de diwar üçin niýetlenen plitalaryň uly göwrümde bolmagy otagyň abatlaýyş işini kiçi plitalardan tapawutlylykda has çalt tamamlamaga mümkinçilik berýär. Olar goýlanynda açyk ýerler az galýar, olaram o diýen bir görnüp durmaýar, bu bolsa örtügiň daşky görnüşiniň gelşikli bolmagy üçin gowudyr. Nagyşlaryň we şekilleriň giň görnüşleri islendik stildäki interýeri döretmäge mümkinçilik berýär. ly plitkalar aýratyn-da giň wannalar we hajathanalar, şeýle hem aşhanalar, geçelgeler, werandalar üçin, ýagny poly adaty plitkalar bilen ýapmagyň köp wagt alyp biljek islendik otagy üçin has amatlydyr. «NG Kutahya» santehnika we gurluşyk materiallary dükanynda wanna otagyny abatlaşdyrmak üçin pollar we diwarlara niýetlenen syrçaly hem-de ýalpyldawuk ýüzli tebigy daş we beýleki görnüşli nagyşlar bilen bezelen uly göwrümli farfor plitalaryny saýlap almak bolýar. Plitkalaryň galyňlygy niýetlenen maksadyna görä üýtgeýär. Dogry önümi saýlap almak üçin «NG Kutahya» dükanynyň maslahatçylaryna ýüz tutup bilersiňiz, olar size uly göwrümli kafel we onuň ulanylyşy barada hemme maglumatlary aýdyp bererler. Zerur bolan ýagdaýynda, Aşgabat şäheriniň çägine harytlary mugt eltip bermek ýa-da beýleki welaýatlara (tölegli) eltip bermek hyzmaty ýerine ýetirilýär. «NG Kutahya» dükany alyjylara şu salgyda garaşýar: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, senagat zolagynyň çägi, «NG Kutahya» binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 611 611.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir