Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Park Jin döwlet özygtyýarlylygyna hormatyň nyşany hökmünde Aşgabatdaky Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Mälim bolşy ýaly, Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Türkmenistana 1-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek «Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy maslahatyna gatnaşmak üçin geldi. Saparyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşar. Şeýle hem dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirer diýlip garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir