17-nji noýabrda «Coddy» programmirleme mekdebinde robototehnika bagyşlanan Açyk gapylar güni geçiriler. «Häzirki zaman dünýäsinde robototehnika» barada programmirleme mekdebiniň häzirki mentory Ýakup Mätiýew çykyş eder. Ol Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini tamamlamak bilen, bu ugurda çagalar bilen işlemekde iki ýyldan gowrak tejribä eýedir. Robototehnika — bilimleri, programmirleme başarnyklaryny, mehanikany, elektronika we dizaýn endiklerini birleşdirýän ylymdyr. Bu ylmyň esasy wezipesi robotlara daşky gurşaw bilen özbaşdak täsirleşmäge we çylşyrymly meseleleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän algoritmleri döretmekdir. Açyk gapylar gününe geljekler robotlaryň nämeden durýandygyny we olary işletmek üçin haýsy programma üpjünçiliginiň zerurdygyny öwrenerler. Açyk gapylar güni 17-nji noýabrda sagat 18:00-da şu salgyda geçiriler: «Berkarar» işewürlik merkezi, 1-nji gat, A7, «Iş Nokady» merkeziniň ofisi. Giriş tölegsiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir