Stambuldaky dünýä belli Aýýa-Sofiýa metjidine baryp görmek daşary ýurtlular üçin tölegli bolar. Bu barada Türkiýäniň medeniýet we turizm ministri habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar. Aýýa-Sofiýany VI asyrda hristian ybadathanasy hökmünde gurdular, XV asyrda ol metjit boldy. Şondan 500 ýyl geçensoň, Aýýa-Sofiýa muzeý derejesini aldy we ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir