Toýlara we beýleki maşgala dabaralaryna, şeýle-de milli däp-dessur çärelerine degişli köp sanly hyzmatlary hödürleýän «Ak kepderi» hususy kärhanasy sowgatly aksiýanyň başlanandygyny habar berýär. «Ak kepderiniň» çadyrlary gurnamak we bezemek, baýramçylyk stoluny gurnamak hem-de myhmanlara hyzmat etmek ýaly hyzmatlaryny sargyt eden müşderilere dürli sowgatlyk bonuslary ýetirilýär. Bonuslaryň görnüşleri edilýän sargydyň töleg möçberine baglydyr. Sowgatlyk bonuslaryň hataryna şular girýär: - «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 10 günlük dynç alyş; - «Ak kepderi» studiýasynyň wideoşekil hyzmaty; - toý fotosessiýasy; - dabarada milli estrada ýyldyzlarynyň çykyşlary; - dabaralary alyp barýan meşhur alypbaryjylary çagyrmak; - öýlenýän ýigidiň ýa-da gelniň doglan gününde baýramçylyk stoluny gurnamak; - ýaş çatynjalar üçin ýörite söýgi aýdymyny ýazmak; - «Love story» wideoşekillerini düşürmek; - toý dabarasynyň bezegleri (öýleri, çadyrlary, restorany, ulaglary we ş.m bezemek). Müşderilere sargydyň çäginde diňe bir ýokarda agzalan sowgatlar däl-de, başga-da köp sanly sýurprizler we ajaýyp guramaçylyk teklipleri ýetirilýär. Aksiýa 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli geçirilýär. «Ak kepderi» hususy kärhanasynyň 2020-nji ýyldan bäri türkmen paýtagtynyň, şeýle hem ýurduň beýleki sebitleriniň ýaşaýjylary üçin toý hyzmatlaryny hödürläp gelýändigini ýatladýarys. «Ak kepderiniň» hyzmatlaryny şu salgydan sargyt edip bilersiňiz: Aşgabat ş., 10 ýyl abadançylyk köçesi, 147-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 22 72 72, (+993 65) 07 57 07. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir