FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2034-nji ýylda futbol boýunça Dünýä çempionatynyň Saud Arabystanynda geçiriljekdigini mälim etdi. «Futbol edil beýleki sport görnüşleri ýaly, dünýäni birleşdirýär. Dünýä çempionaty jebisligiň we deňhukuklylygyň dabaralanmagy üçin ajaýyp meýdançadyr. Onda dürli medeniýetler birleşip bilýärler» diýip, FIFA-nyň ýolbaşçysy belledi. Ýeri gelende bellesek, mundan ozal Saud Arabystanynyň DÇ-2034-i özünde geçirmek üçin arza tabşyrandygyny hem-de Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň hem bu teklibi goldandygyny habar beripdik. FIFA 2034-nji ýylda Dünýä çempionatynyň Aziýa we Okeaniýa sebitinde geçirilmelidigini mälim edenden soň, Saud Arabystany bilen bir hatarda Awstraliýa hem mundialyň ýer eýeligi üçin dalaşgär bolupdy. Emma arzalary kabul etmegiň soňky möhleti bolan 31-nji oktýabrdan ozal Awstraliýa öz arzasyny yzyna aldy. Şeýlelikde, Saud Arabystany ýaryşy geçirmek üçin ýeke-täk dalaşgäre öwrüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir