Gruziýanyň paýtagtynda retro-awtoulaglaryň uly festiwaly geçdi diýip, «Habar 24» ýazýar. Çärä ýüzlerçe köne ulaglaryň eýeleri geldiler, şonuň üçin Tbilisiniň köçeleriniň bir bölegini ýapmaly boldy. Festiwaly Taryhy awtoulaglaryň assosiasiýasy şäher häkimliginiň goldaw bermeginde geçirdi. Festiwalda 150-den gowrak awtoulag görkezildi. Olaryň her biriniň öz taryhy bar. Mysal üçin, retro-awtoulaglary toplaýjy Dawid Kapiaşwili festiwala getiren ulagyny öz elleri bilen ýasandygyny gürrüň berýär. Ol ulagyň daş bezegine-de aýratyn üns beripdir. Şonuň üçin ol awtoulagyna heýkeltaraşlyk eseri hökmünde baha berýär. Gruziýa Taryhy awtoulaglaryň halkara assosiasiýasyna iki ýyl mundan öň agza boldy. Indi retro-ulaglaryň festiwallary, sergiler, ýaryşlary ýylda birnäçe gezek ýurduň dürli ýerlerinde geçirilýär. Bu festiwal eýýäm altynjy gezek geçirilýär, oňa 1900-1994-nji ýyllar aralygynda öndürilen ulaglar gatnaşdyryldy. Festiwalda iň köne awtoulagyň 88 ýaşy bar, iň täzesine 30 ýyl töweregi bolupdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir