Özbegistanyň Daşkent şäherinde Aziýanyň Ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada müşderilere has gowy hyzmat etmek boýunça iň gowy gümrük gullugy» maksatnamasynyň çäklerinde Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň (YYO) alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmäge bagyşlanan sebitleýin maslahat geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada özbek internet saýty habar berdi. Sebitleýin maslahata Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyna (CAREC) agza döwletleriň, ýagny Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň wekilleri, ulag-logistika kompaniýalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyna (CAREC) agza döwletlerden gelen Ygtyýarly ykdysady operatorlar boýunça halkara bilermenler gatnaşyjylar bilen gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek, gümrük paçlaryny arzanlatmak hem-de ulgamda halkara standartlaryny ornaşdyrmak babatda öňdebaryjy tejribeler ýaly temalarda pikir alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir