Azerbaýjanda iş alyp barýan «Albayrak Holding» türk kompaniýalar topary Baku halkara deňiz söwda portundan harytlary has çalt eltip bermek üçin Hazaryň beýleki ýurtlaryna maýa goýar. Bu barada «Report.az» kompaniýa salgylanyp habar berdi. «Gazagystanda käbir terminallary işletmek boýunça meýilnamalar bar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen bagly meýilnamalar hem bar. Biz hyzmatyň has çalt we has ýokary derejesi bilen üpjün etmek isleýäris» diýip, çeşme holdingiň wekiliniň sözlerine salgylanýar. 2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda «Baku halkara deňiz söwda porty»ÝPJ bilen «Albayrak Holding» kompaniýalar toparynyň arasynda şertnama baglaşyldy. «Albaýrak» tarapyndan Baku portunda başlangyç etapda durmuşa geçirilen taslamalaryň umumy bahasy 30 million ABŞ dollaryna golaý diýip çaklanylýar.