Şu gün Aşgabatda geçirilen 16-njy «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» forumyna gatnaşmagyň çäginde Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň başlygy bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Söhbetdeşlikde Prezident Serdar Berdimuhamedow söwda, ykdysady, maýa goýumlary, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginde goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir