Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky 16-njy Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlary öz gerimine alýan özara bähbitli türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ýokary ösüş depginlerine kanagatlanma bildirildi. Iki ýurduň halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändikleri, parlamentara hyzmatdaşlygyň hem üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Taraplaryň netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny dowam etmäge özara gyzyklanmalary tassyklanyldy. Medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy nygtalyp, Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek boýunça Patyşa Sejong adyndaky bilim merkeziniň üstünlikli işleýändigi, koreý diliniň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem öwredilýändigi, şol bir wagtda türkmen ýaşlarynyň Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklary bellenildi. Duşuşykda şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk forumynyň işiniň netijelidigi nygtaldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow söhbetdeşligiň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýakynda geçirilen 78-nji maslahatynyň çäklerinde Prezident Ýun Sok Ýol bilen duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça netijeli söhbetdeşlik üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna hoşallygyny beýan edip, Aşgabadyň özünde galdyran ýakymly täsirlerini paýlaşdy. Myhman Aşgabada, şäheriň özboluşly binagärlik keşbine hem-de gözelligine haýran galandygyny aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžin ýyl-ýyldan täze, anyk many-mazmun bilen baýlaşýan däp bolan dostlukly döwletara dialogyň geljekde hem okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir