Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa täjik Lideri Emomali Rahmonyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Täjigistanda Türkmenistan bilen däp bolan netijeli dialogyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, doganlyk ýurduň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyny ak mermerli Aşgabatda görmäge şatdygyny aýtdy hem-de Täjigistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet Baştutany ÝHHG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygynyň möhüm ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistanyň daşary işler ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine degip geçmek bilen, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygynyň oňyn häsiýeti kanagatlanma bilen nygtaldy. Hususan-da, iri halkara guramalaryň hem-de köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistana bolan iş saparynyň jemleriniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Ýokary depginde ösdürilýän söwda-ykdysady, medeniýet we ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde hem iki doganlyk halkyň bähbidine Täjigistan Respublikasy bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistanyň daşary işler ministri döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir