Kolumbiýanyň eko-işjeňleri Ýuwaş ummana Ridli zeýtun deňiz pyşbagalarynyň 500 sany çagasyny goýberdiler diýip, «Habar 24» ýazýar. Pyşbagalaryň bu görnüşine ýurtda ýitip ýok bolmak howpy abanýardy. Haýwanat dünýäsini goraýjylar olary mundan birnäçe aý öň deňziň kenaryndan tapdylar, ideg etdiler, köpeltdiler. Bu tutum deňiz faunasyny gorap saklamak maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Kolumbiýada balykçylyk jemgyýetleri bilen bilelikde pyşbagalaryň ýitip ýok bolup barýan görnüşlerini halas etmek ugrunda işleýän assosiasiýa bar. Häzirki wagtda Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasynyň maglumatlaryna görä, deňiz pyşdyllarynyň ähli görnüşine ýok bolmak howpy abanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir