«Marysyýahat» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň raýatlaryna umra zyýaratyny berjaý etmek üçin Mekke-Medinä zyýarat hyzmatlaryny hödürleýär. Kompaniýanyň hyzmatlar bukjasyna Saud Arabystanyna wizany resmileşdirmek, awiapetekleri bronirlemek, zyýaratçylaryň üç wagtyna nahary bolan dört ýyldyzly myhmanhanada ýerleşmegini üpjün etmek, şeýle-de ýolbeletleriň ýoldaş bolmagynda awtobusda mukaddes hem-de medeni-taryhy ýerlere gezelençleri guramak girýär. «Marysyýahat» 2023-nji ýylyň 11 — 27-nji dekabry aralygynda Mekke we Medine şäherlerine guralýan zyýarata gitmek üçin ýerleriň bardygyny habar berýär. «Marysyýahat» HJ 1995-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin syýahatçylygy gurap gelýär. Kompaniýanyň hyzmatlarynyň çygrynda — daşary ýurtlara syýahatçylyk saparlaryny guramak, Türkmenistanyň çägine syýahatçylyk saparlary (taryhy we tebigy ýadygärlikler, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy), umra zyýaratlary hem-de ýeke bolup daşary ýurda gitmekde wizany resmileşdirmek hyzmatlary bar. 2023-nji ýylyň dekabr aýynda umra zyýaratyny berjaý etmek isleýän raýatlar şu salgylar boýunça «Marysyýahat» hojalyk jemgyýetine ýüz tutup bilerler: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, senagat zolagynyň çägi, Zümerret köçesi, 67-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 65) 33 04 03 Mary şäheri, A.Nyýazow köçesi, 42-nji jaý, habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 63) 69 22 03;

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir