Britan bilermenleri 2023-nji ýylyň sözüni yglan etdiler, ol «Emeli aň» (AI) diýen sözdür diýip, «MIR 24» ýazýar. Ýylyň sözi meşhur iňlis diliniň sözlügini düzüjiler tarapyndan hödürlenildi. Olar «Emeli aň» sözüni «adamyň psihiki işiniň kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen nusgalanmagy» hökmünde düşündirdiler. Hünärmenler EA tehnologiýasynyň diýseň çalt ösýändigini we 2023-nji ýylda iň köp ara alnyp maslahatlaşylan mowzukdygyny belleýärler. Soňky aýlarda bu adalgany dört esse köp ulanyp başlapdyrlar. Reýtingi düzüjiler emeli aňyň üns merkezinde bolandygyny belleýärler. Ol, mysal üçin, elektron poçta ýaly, gündelik durmuşa barha çalt ornaşýar. Ýylyň sözüni saýlaýjylar munuň üçin birgiden çeşmeleri, şol sanda internetdäki sosial ulgamlary hem yzarlaýarlar.