TÜRKSOÝ ýurtlarynyň döwlet teatrlarynyň Baştutanlar geňeşiniň nobatdaky — 10-njy mejlisi Türkmenistanda geçiriler. Bu baradaky çözgüt Geňeşiň Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirilen 9-njy mejlisinde kabul edildi. «Report.az» tarapyndan berilýän maglumata görä, Geňeşiň 9-njy mejlisi 31-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda Şuşada we Bakuda geçirilýän TÜRKSOÝ-yň Ilkinji halkara teatr festiwalynyň çäginde guraldy. Mejlisde TÜRKSOÝ ýurtlarynyň döwlet teatrlarynyň Baştutanlar geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Änew şäherinde geçirmek kararyna gelindi. Ozal habar berşimiz ýaly, Azerbaýjanda dowam edýän TÜRKSOÝ-yň Ilkinji halkara teatr festiwalyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry hem gatnaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir