Bu barada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň bölüm müdiri Dario Liguti «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara forumyna gatnaşmagyň çäginde belledi. «Türkmenistan» gazetinde ýerleşdirilen çykyşda şeýle diýilýär: — BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sebiti käbir syýasy çökgünlikleri başdan geçirdi we şunda energetika ulgamlarynyň gowşak taraplary has äşgär ýüze çykdy. Häzirki wagtda bu sebit iki ýoluň çatrygynda durýar. Bu günki gün gurama agza ýurtlar, şol sanda Türkmenistan üçin hem energiýanyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmäge, adamlaryň ýaşaýşynyň hilini, ykdysady ösüşi gowulandyrmaga, umumy ykdysady çykdajylary azaltmaga ýardam edýän taslamalaşdyrmak syýasatyny durmuşa geçirmegiň, durnukly energetika ulgamlaryny döretmegiň wagty geldi. Munuň özi türkmen tarapyna Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça milli borçnamalarynyň derejesini ýokarlandyrmak üçin möhüm mümkinçilikleri açýar. Biz Türkmenistanyň Hökümetiniň durnukly ösüş ulgamy hereketlerini ünsli seljerendigini, dürli gyzyklanma bildirýän taraplary bu işe çekip, ählumumy maksatlara ýetmek babatda öz tagallalaryna hemmetaraplaýyn baha berýän maglumatlary ýygnandygyny bilýäris. Ýewropa ykdysady komissiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-2024-nji ýyllar üçin ýurduň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasyny» tassyklamak hakyndaky çözgüdini makullaýar. Türkmenistanyň bu borçnama goşulmagy 2030-njy ýyla çenli metanyň ählumumy zyňyndylaryny 30 göterime çenli azaltmak hereketlerini tizleşdirmäge goşant bolmak bilen, howanyň maýlamagyny 1,5 oC derejede saklamak babatda öňde goýlan maksada ýetmegiň ýolunda wajyp ädimi alamatlandyrýar. Şeýle-de munuň özi Hökümetiň bu zyýanly gazyň zyňyndylaryny azaltmaga ýardam edýän şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady. Şoňa görä-de, biz bu resminamany durmuşa geçirmegi üpjün etmekde ýurduň degişli ministrlikleridir edaralary bilen hyzmatdaşlyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy 2024-nji ýylyň 18 — 20-nji martynda Ženewada metan boýunça ählumumy forumy geçirmegi meýilleşdirýär. Ol metan zyňyndylaryna garşy göreşmekde ýetilen üstünlikleri wagyz etmäge, bu ugurda geljekde ýetilmeli sepgitler üçin hereketleri sazlaşdyrmaga gönükdirilendir. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistany bu foruma hem-de onuň çäginde Merkezi Aziýada metan zyňyndylaryny azaltmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin guraljak «tegelek stol» duşuşygyna gatnaşmaga çagyrýaryn.