Gyrgyzystanyň Prezidentiniň diwanynda täze ýolbaşçylar wezipä bellenildi, şol sanda paýtagtyň häkimliginde we diplomatik düzümde hem üýtgeşmeler boldy diýip, «MIR 24» ýazýar. Bişkek şäheriniň häkimi wezipesine Prezidentiň kararlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edarasynyň başlygy Aýbek Junuşaliýew bellendi. Ol öň hem paýtagta 2021-2022-nji ýyllarda ýolbaşçylyk edipdi. Prezident Sadyr Žaparowyň metbugat sekretary wezipesine Askat Alagozow bellendi, ol öň Prezidentiň ýanyndaky habar beriş syýasaty gullugynda işledi. Ondan öňki metbugat sekretary Erbol Sultanbaýew Gyrgyzystanyň Belarusdaky ilçisi wezipesine bellendi. Bişkegiň öňki häkimi täze işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşadyldy, onuň haýsy wezipede işlejekdigi heniz habar berilmeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir