Düýn ― 1-nji noýabrda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň dördünji tapgyrynyň çägindäki «Ahal» (Türkmenistan) ― «Pahtakor» (Özbegistan) duşuşygynyň petekleri satlyga çykdy. 7-nji noýabrda «Aşgabat» stadionynda geçiriljek we sagat 19:00-da başlanjak duşuşygyň giriş peteklerini bu stadionyň kassasyndan satyn alyp bolýar. Bir petegiň bahasy ― 30 manat. Mundan başga-da, petekleri satyn almak mümkinçiligi «Berkarar», «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkezlerindäki hem-de «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezindäki degişli nokatlarda hem döredildi. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 (12) 95-50-37.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir